Gowy uklamak we uzakly gün özümizi gowy durmak üçin käbir tebigy çözgüt teklipleri

Gowy uklamak we uzakly gün özümizi gowy durmak üçin käbir tebigy çözgüt teklipleri

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda gowy uklamak we uzakly gün özümizi gowy durmak üçin käbir tebigy çözgüt tekliplerini dykgatyňyza ýetirmekçi.

Rozmarin almasy

Uky getiriji täsirini GABA A reseptorlaryny hereket geçirmek arkaly görkezýär. Çaýyny demläp içmek maslahat berilýär.

Pişik oty

Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde pişikotunyň köküniň uky getiriji özbolyşlygynyň bardygy anyklandy.

Ženşen

Esasanda Koreý gyzyl ženşengi ukynyň möhletini uzaldýar. Aýratynam uky-oýanma öwrümini hem kadalaşdyrýar.

Çarkypelek güli

Bu ösümligiň ýeňilje köşeşdiriji özbolyşlygy bardyr.

Melewşe ýagy

Ýatmazdan 30 minut ozal melewşe ýagyny ysgamak hem ukynyň hilini ýokarlandyrýar hem-de ukyzlygy azaldýar.

Limon oty çaýy

Limon otunyň güýçli ysy we tagamy saýasynda çaý tagamlanýar we adamy köşeşdirýär. Stressi azaltmaga we myşsalary gowşatmaga peýdaly bolan limon oty, uka gitmegi ýeňilleşdirýär.

Kawa

Gara burçuň Ýuwaş umman sebitlerinde ösýän görnüşlerinden biridir. Uky getiriji täsirini GABA A reseptorlaryny herekete geçirmek arkaly görkezýär. Ösümligiň kökündäki maddalar bagyra zyýanly bolup biler.

Lawanda:

Lawanda ýagyny we suwuny ysgamak GABA arkaly ukynyň möhletini uzaldyp, ukynyň bölünmeginiň öňüni alýar we kadaly uklamagy üpjün edýär.

Lawanda ýaly onuň çaýy hem süýji we ýeňildir. Çaýyň içinde demlenen lawanda, düzümindäki ýagy çykaryp, ukydan öň köşeşmegiňizi we ynjalmagyňyzy üpjün eder.

Narpyz çaýy

Ýatmazdan öň bir käse narpyz çaýyny içmek esasanda aşgazandan biynjalyk bolan we şol sebäpli ukysyzlygy başdan geçirýän adamlar üçin peýdalydyr. Narpyzyň aşgazana peýdalydygy ylmy taýdan hem subut edilendir.

Gök çaý

Düzümi antioksidentler taýdan baý bolan gök çaý, adamy köşeşdiriji we rahatlandyryjy özboluşlyga eýedir.

Çopantelek:

2 hepdäniň dowamynda çopantelpek çaýyny içmek ukynyň kadalaşmagyny we adamyň ruhy rahatlygyny üpjün edýär.

Ukyny kadalaşdyrmak üçin iň giňden içilýän çopantelpek çaýy giňden bilinýär. Çopantelpek çaýyny gaýgy-aladany we stressi azaldyjy özbolyşlygy sebäpli ýatmazdan öň içmek maslahat berilýär.

Magnoliýa gabygynyň çaýy

ýa çaýyny köşeşmek we rahat uklamak üçin içmek maslahat berilýär. Magnoliýa uka gitme möhletini azaldyp, uzak we çuň uka batmak üçin peýdalydyr.

ý zehini we bedeni rahatlandyryp, uka gitmegi ýeňilleşdirýär. Barlaglar magneziýniň rahatlandyryjy we köşeşdiriji täsiriniň melatonin öwrümini kadalaşdyrmak taýdan peýdalydygyny görkezýär.

atmazdan öň badam iýmek, ukynyň hilini ýokarlandyrmak üçin peýdalydyr. Badamyň düzümindäki melatonin garmony, uka batmagy ýeňilleşdirýän bolsa, myşsalary hem ýumşadýar.

Giçki sagatlarda kafein içmäň

ysyzlykdan biynjalyk bolýan adamlaryň uklamazdan 6 sagat öň kafein içmegi bes etmegi ukysyzlyk meselesini ortadan aýyrar.

Maşk etmek

Fizi taýdan işjeň bolmak gije gowy uklamak üçin möhümdir. Ylmy barlaglar günde azyndan 60 minut maşk edýän adamlaryň rahat uklaýandygyny we güne has ykjam başlaýandygyny delillendirýär.

Gününiň ýagtylygyny sypdyrmaň

Günüň ýagtylygy bedenimiziň tebigy sagatlaryny kadalaşdyrýar we ýadaw hem-de dynç wagtlaryňyzy kesgitlemegiňizi üpjün edýär. Şonuň netijesinde beden gün batanda melotinin işläp çykaryp, kadaly uklamagyňyzy üpjün eder.

Ýatylýan otagyň ýylylygy

Otagyň ýylylygynyň 20-25 gradusdan ýokary bolmagy uka gitmegi kynlaşdyryp biler.

Ýatmazdan öň nahar iýmäň

Uklamazdan öň nahar iýmek we içmek gije uka gitmegi kynlaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Yssy howada saglygyňy nädip durnukly saklamaly?
Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler