Gresiýa poçta arkaly ses bermegi ýola goýar

Gresiýada saýlawçylaryň poçta arkaly ses bermeklerini ýola goýmak üçin kanuny üýtgeşme giriziler. Ýurduň hökümetiniň spikeri Pawlos Marinakis bu barada maglumat bedi.

Marinakis bu düzgüniň girizilmegi bilen Ýewropa Parlamentiniň hem-de milli derejede geçirilýän saýlawlarda we sala salşyklarda poçta arkaly ses berlip bilinjekdigini belledi. Ol: “Fiziki mümkinçiligi çäkli raýatlarymyza ýeňillik döredýäris, olaryň saýlaw prosesine gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän möhüm üýtgeşmeler giriziler. Ýazgyda duran saýlaw sebitinden uzakda işleýänlere, başga şäherlerde okaýan talyplara, daşary ýurtdaky raýatlarymyza ýeňillik döredýäris” diýip belledi.

Ýurtda şu ýylyň maý we iýun aýlarynda geçirilen ählumumy saýlawlarda daşary ýurtlarda ýaşaýan grek raýatlary poçta arkaly ses bermäge mümkinçilik alypdy.

Ýene degişli makalalar

Taste Atlas: 2025-nji ýylyň iň gowy tagamlary we süýjülikleri
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Zeýnep Sönmez Ikinji Orny Eýeledi
Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
BAE-de uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady