Gresiýada 5,2 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Gresiýada 5,2 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Gresiýanyň Tessalýa welaýatynyň Larisa şäheriniň golaýynda 5,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Afini Ýer bilimleri instituty, ýerli wagt bilen 14.57-de Larisa şäheriniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Elassona şäherçesiniň golaýynda ýeriň 10 kilometr aşagynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ýer titremesinde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.

Larisa şäheriniň golaýynda 4-nji martda hem 5,9 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Halypalara sarpa
Russiýalylar ýylyň iň gowy aýdymçylaryny agzadylar
Agama fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Aşgabatda urlup öldürilen bir oglan köprüden aşak zyňyldy
Amerikaly rapiraçy Li Kifer Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazandy
Gresiýadaky Ýer Titremeleri Dowam Edýär