Gresiýada ýaramaz howa şertleri höküm sürýär

Gresiýada ýaramaz howa şertleri höküm sürýär

Raýat goranyş edarasy tarapyndan Ahaýýa, Itaki, Zakinf, Kefaloniýa, Ftiotida, Wiotiýa, Magnisiýa, Kardisa we Ewbeýanyň demirgazygynda ýaşaýan raýatlaryň öýjükli telefonlaryna ugradylan gyssagly hatda öňümizdäki sagatlarda ýaramaz howa şertleriniň höküm sürjekdigi, mejbr bolmadyklary saýyn köçelere çykmazlyklary barada çagyryş berildi.

Kalawritada bolsa ýagan doly sebäpli köp sanda ulaga zyýan ýetdi, Trikalada we Ýaninada bolsa ýer süýşgüni sebäpli käbir ýollar ulaglara ýapyldy.

Hünärmenler tarapyndan Elias diýip atlandyrylýan we bu hepde Gresiýany öz täsiri astyna almagyna garaşylýan ýaramaz howa şertleri sebäpli ýurt derejesinde aşa ýagyşlaryň ýagmagyna we ýygy-ýygydan ýyldyrymlaryň çakmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Şweýsariýanyň täze Prezidenti
FAO tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmakda Türkmenistany goldaýar
FAO tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmakda Türkmenistany goldaýar
Türkmenistan we Türkiýe oba hojalygy boýunça tejribe alyşýarlar
Mewlüt Çawuşogly Kosowa saparyny dowam etdirýär
FAO Türkmenistana pagta önümçiligini kämilleşdirmekde ýardam berýär
R.Meredow Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak boýunça gepleşik geçirdi