Gruziýada alty gün öň dagda ýitenler tapyldy

Gruziýada alty gün öň dagda ýitenler tapyldy

Gruziýaly halas edijilere Swateniniň dagda ýiten ýaşaýjylarynyň ikisini tapmak başartdy, olar alty gün mundan öň ýitdi diýip, gruzin neşirlerine salgylanýan Report.az habar berdi.

Ýitenleriň biriniň garyndaşy Anýa Serediani: Tapdylar, ikis-de diri! diýip, sosial ulgamdaky sahypasynda şatlygyny paýlaşdy.

Mesti munisipalitetiniň Lasdili obasynyň ýaşaýjylary Gogita Parjiani we Georgiý Gwiçiani atly iki ýaş ýigit 21-nji iýulda daga gitdiler. Şondan soň olardan habar bolmady. Dogan-garyndaşlary ýagdaý barada 112 gullugyna ýüz tutdular.

Soňky birnäçe günüň dowamynda halas edijiler bilen bilelikde, Swateniniň ýaşaýjylary olary pyýada, atly we dronlaryň kömegi bilen gözlediler.

Ýene degişli makalalar

Albert Žalilow: Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar
HPG sanly walýuta platformasyny döretmek üçin Merkezi banklary birikdirýär
Türkmenistan Germaniýa energetika pudagynda hyzmatdaşlygy teklipetdi, Sankt-Peterburgda türkmen esgerleri hatyralandy, Aşgabatda Molýeriň pýesasyna esaslanan spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar we beýleki habarlar
HPG garyplyga garşy göreşmek boýunça gaznasynyň maliýeleşdirilmegini artdyrdy
Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler