Paýtagt Tbilisi şäherindäki parlament binasynda Parlamentiň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahatda, prezident saýlawynyň senenamasynyň kesgitlenmegi boýunça ses berişlik işleri geçirildi.
Ýurtda 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini kabul etmeýän oppozision partiýalaryň wekilleriniň parlamente girip bilmedigi üçin ses berilşik işlerine häkimiýetiň başyndaky Gruzin hyýaly partiýasynyň deputatlary gatnaşypdylar.
Parlamentdäki 85 deputatyň gatnaşmagynda geçirilen ses berilşikde prezident saýlawynyň 14-nji dekabr güni geçirilmegi barada karar kabul edildi.
Parlamentiň başlygy Şalwa Papuaşwili ýurduň taryhynda ilkinji gezek prezidentiň 300 adamdan ybarat saýlaw geňeşi tarapyndan 14-nji dekabrda ýerli wagt bilen sagat 09:00-da parlament binasynda saýlanjakdygyny habar berdi.