Gruziýanyň awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy

Gruziýanyň awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy

13-nji oktýabrda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň Geosky Airlines awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu barada HHM habar berdi.

Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) —Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Saragosa (Spaniýa) — Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň Geosky Airlines awiakompaniýasy ýolbaşçylary bilen nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda, Gruziýa bilen Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Türkmenabadyň Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirýändigi bellenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Gruziýa bilen ýük howa gatnawlary ýola goýup, Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ýurtlary ugry hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
Turkish Airlines 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Turkish Airlines-y saýlaň we syýahatyňyzy gijikdirmäň