Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy

Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy

Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasynyň ýük uçary anna güni Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi.

Häzirki döwürde “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) Çžençžou (Hytaý) Türkmenabat (Türkmenistan) Saragosa (Ispaniýa) Tbilisi Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda ýük howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ugurlary boýunça ýük daşamakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow “Geosky Airlines” awiakompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda Gruziýany Aziýanyň we Ýewropanyň şäherleri bilen baglanyşdyrýan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň iki yklymy özara birikdirýän howa, demir ýol we gara ýollarynyň kesişýän ýerindäki amatly geografik ýerde ýerleşýändigini nazara alyp, üstaşyr geçiriji nokat hökmünde peýdalanyljakdygy nygtaldy.

2017-nji ýylda döredilen “Geo Sky” awiakompaniýasy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginden (EASA) bu gurama agza döwletleriň 28-ne we Erkin söwda boýunça Ýewropa birleşmesiniň 4 ýurduna uçuşlary ýerine ýetirmäge rugsat aldy. Kompaniýa Hytaýyň “CCAR-129” şahadatnamasyna eýe bolup, bu şahadatnama awiakompaniýa Hytaýa çäklendirilmedik uçuşlary amala aşyrmaga şert döredýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Gruziýanyň awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Uçar 550 kilometr uzakdaky başga şähere gondy
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b