Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy

Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Türkmenistanyň adyndan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi.

Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen döredijilik toparlary bilen birlikde, Türkmenistanyň adyndan çykyş eden teatr artistleri Leýli — Mejnun dessany esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan Söýgi we hasrat atly sahna eseri bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanly artistleriň Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiren çykyşy halkara festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň artistlerine ýörite baýraklar gowşuryldy. Bu festiwalda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşyna baha bermek üçin eminler topary döredildi. Alty adamdan ybarat toparyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň bardygyny hem bellemek gerek. Eminler topary festiwalyň dowamynda artistleriň aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grimine, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Gülnabat Abdullaýewa halkara teatr festiwalynyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy
TÜRKSOÝ-na AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI
“Türkmeniň ak öýi” binasynda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolmagy mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady