Gün iki aýdan dogar

Noýabryň ahyrynda ABŞ-nyň Alýaska ştatynyň iň demirgazygyndaky Barrou şäherinde Gün batdy.Indi şäheriň ýaşaýjylary Günüň dogmagyna iki aý garaşmaly bolarlar.Bu ýerde Gün gündiz 12:40-da bir sagatlyk dogupdy.

Iki aýlap gözýetim çyzygynyň 6 gradus aşagynda boljak Gün indiki aýyň 23-ine dogar. Şoňa çenli günde alty sagatlyk gündiz wagty alagaraňkylyk derejesinde bolup, daş-töwerekdäki zatlary golaýdan saýgaryp bolar.

Täze ýyla golaý bolsa, 3 sagat alagaraňky, 21 sagat tüm garaňky bolar. 4 müň 400 töweregi ilaty bolan şäherde maý aýyndan başlap, 80 günläp Gün ýaşmaz.

Ýene degişli makalalar

Iň sowuk ýerler
Tomus paslynda bolup geçýän geň-taň hadysalar
Dünýädäki äpet jandarlar
Suwasty tokaýlar