Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi

Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi

Balkan welaýatynyň Bereket we Gyzylarbat etraplarynyň käbir obalary sil suwlaryndan zyýan çekdi. 19-21-nji mart aralygynda üç gün dowam eden dag silleri, ýagyşlar ýaşaýyş jaýlaryna, ekerançylyk meýdanlaryna, şol sanda ýaňy bir ekişine girişilen gowaça meýdanlaryna zyýan ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Sil suwlary dag eteklerindäki obalarda ýaşaýyş jaýlaryna, ir ekilen gök-bakja ekinlerine we gowaça meýdanlaryna uly zyýan ýetirdi” diýip, bir oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Bereket etrabynyň Sekizinji oba atlandyrylýan bir ilatly ýerinde saglyk öýüne hem-de 25-nji orta mekdebe uly zeper ýetdi. Otuzdan gowrak hojalyk jaýlary sil suwlaryndan ejir çekdi.

Ýaşaýjylar ýerli administrasiýalaryň sil suwlaryna garşy ilata gyssagly kömek berip bilmändigini, tehnikalaryň iberilmändigini aýdýarlar.

Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän harby garnizonyň dag eteklerindäki sebitlerini hem sil suwlary basdy.

“Dyngysyz ýagan ýagyş netijesinde, Gyzylarbat etrabynda ençeme hojalyk jaýlarynyň ýerzeminlerini suw basdy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sebitdäki käbir gowaça meýdanlarynda ekiş işlerine 15-nji martda girişilipdir. Bu ýerlerde 20-nji martda resmi taýdan ekiş işlerine girişilen gowaça meýdanlary-da sil suwlaryndan ejir çekdi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 20-nji martda resmi taýdan ekişe girişilendigini habar berdi.

Bir oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şu wagta çenli etrap boýunça 350 gektar töweregi meýdana gowaça tohumlarynyň ekilendigini, ýöne sil suwlaryndan zyýan çeken ekerançylyk meýdanlarynda ekiş işlerini gaýtadan geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny gürrüň berdi.

“Ir ekilen ýeralma we sogan ýaly oba hojalyk ekinleri hem suwuň aşagynda galdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bereket etrabynyň ýaşaýjylary hususan-da dag silleriniň uly zyýana sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Ýaşaýjylar jardan gelen sil suwlaryna garşy goranmakda kynçylyk çekdi” diýip, bereketli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Döwlet mediasy Balkan welaýatynyň kenarýaka etraplarynda, şol sanda dag eteklerindäki sebitlerde bolup geçen dowamly ýagyşlar, dag silleri we olaryň getiren oňaýsyz netijeleri barada habar bermedi.

Biraz öň, paýtagt Aşgabatda we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem güýçli ýagyş ýagdy. 12-nji marta geçilen gije bütin gije ýagan ýagyş paýtagtyň käbir köçelerinde adamlaryň dyzyna çenli ýetýän ýagyn suwlarynyň üýşmegine getirdi.

Türkmenabatda bolsa, doly gatyşykly ýagyş ýagdy, ençeme köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerini suw basdy, köçeler ýagyş suwlaryndan zyýan çekdi. Şeýle-de, şäheriň ençeme etrabynda dört-bäş sagatlap elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi. Ýagyşdan soňra, Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri lagym turbalaryny arassalamak ugrunda güýçli depinde iş alyp bardylar.

Bereket we Gyzylarbat etaplaryndan gowşan maglumatlar ýerli häkimiýetleriň sil suwlarynyň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak üçin oba ilatyny gyssagly ýardamlar ýa-da tehnikalar bilen üpjün etmändiklerini görkezýär.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurtda bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda suw joşmalary we olaryň getirýän ýaramaz netijeleri barada habar bermeýärler.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitleri, Mary we Lebap welaýatlary agyr harasatdan ejir çekdi. Türkmen hökümeti adam ýitgilerine getiren tebigy harasaty boýun almazlykda we ýerli ýaşaýjylary öz wagtynda zerur ýardamlar bilen üpjün etmezlikde tankyt edildi. Şonda döwlet mediasy hem weýrançylykly harasat we netijeleri barada maglumat bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Kerkiniň ýaşaýjylary ýagyş suwlaryndan zyýan çekdi
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry Balkan welaýatyna döredijilik saparyny gurar
Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Diňle: Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi
Balkan welaýatynyň ekin meýdanlarynda gögeriş alnan bugdaýyň ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar