“Gündogar”: “Amul-Hazar” rallisiniň guramaçylary Türkmenistanda ýaryş geçirmekden ýüz öwürdiler

Habar neşiri Гундогар Wladimir Karahanowyň makalasyny çap etdi, onda “Amul-Hazar 2019” (Turkmen Desert Race) rallisiniň goýbolsun edilendigi habar berilýär.

Şu ýylda geçirilmekçi bolýan ralli ýaryşlary baradaky ilkinji habar döwlet eýeçiligindäki mediada 2018-nji ýylyň ortasynda peýda boldy. Žurnalistiň maglumatyna görä, ýaryşlary 2019-njy ýylyň 5-11-nji maýynda geçirmekçi bolupdylar. Emma guramaçylar mart aýynda birden onuň “FIA (Halkara awtomobil federasiýasy) bilen Türkmenistanyň talaplarynyň bir ýere sygyşmazlygy sebäpli” ýatyrylýandygyny yglan etdiler.

Ýaryşyň guramaçylarynyň anyk haýsy talaplardan ýüz öwrendikleri ýa-da türkmen tarapynyň haýsy talaplary ýerine ýetirip bilmändigi nämälim.

Türkmen neşirleri sport çäresiniň ýatyrylandygy barada habar bermedi. Karahanyň ýazmagyna görä, Türkmwenistanda bu barada ýatlamak hem gadagan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
2019-njy ýylda Türkmenistanda ýene ralli ýaryşy geçiriler
17.05.2018 | Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň merkezine çenli welosipedli gezelenç etdi
Türkmenistan bilen HAF-yň 'sazlaşmaýan talaplary' Garagumda geçiriljek nobatdaky rallini ýatyrdy