Gündogar halklarynyň beýik akyldary

/* custom css */ .td_uid_19_60b96f4f66950_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b96f4f66950_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Magtymgulynyň ençeme ýurtlary aýlanyp, Türküstanyň ylmy merkezlerinde bolup, okap, örän baý hem gymmatly tejribeleri gazanandan soň mähriban halkynyň arasyna gaýdyp gelmegi bilen onuň ömrüniň syýasy-jemgyýetçilik meýdanynda iň jogapkärçilikli ýyllary hem-de taryh öňündäki synagy başlanýar.

Bütin durky il-gününe bolan çäksiz söýgüsi bilen ýugrulan, gözel türkmen topragy iň arzyly käbesine öwrülen Magtymguly bu synagdan başyny dik tutup geçdi. Şahyr ömrüniň ýekeje salymyny-da halkynyň ykbalyndan sowa geçirmeýär.

Hut şonuň üçin hem halk oňa Milli şahyr diýen beýik ady berýär.Dogry, Magtymguly özüniň derýa ýaly giň ýüreginde beslän we bütin ömrüniň ýolunda sarp eden Garaşsyz türkmen döwletini gözi bilen görüp bilmedi.

Emma ol Garaşsyz türkmen döwletiniň guruljakdygyna welin, bütin durky bilen ynanypdyr.Onuň ýoly, goýup giden beýik mekdebi özünden soňky nesiller tarapyndan dowam etdirildi, ösdürildi hem-de durmuşa geçirildi.

Onuň edebi mekdebini Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji, Misgingylyç ýaly şahyrlar dowam etdirip, bu günki ýüzlerçe türkmen edebiýatçy alymlary, şahyrlary, sungat işgärleri ony gülledip dünýäniň iň kämil derejesine ýetirdiler.

Bu gün türkmen kitaplarydyr gazet-žurnallarynda, bagşylaryň aýdym-sazlarynda, radio-telewideniýede, internetde, kinoteatrlarda Magtymgulynyň ady ýaňlanyp dur.Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz gurlup, ýaşyl baýdagynyň Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň öňünde, dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda buýsanç bilen pasyrdap durmagy, beýik akyldarymyzyň ýüreginde besläp giden mukaddes arzuwlarynyň hakykata öwrülmeginiň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň meşhur şahsyýetleriniň, nusgawy şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi ylmy taýdan düýpli öwrenilýär, olaryň gymmatly mirasyna beýik sarpa goýulýar.

Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýaşamak, Watany ak ýürekden söýmek baradaky arzuwlary Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurt Baştutanymyz döwletiň güýjüniň, milletiň bitewüligindedigini we agzybirligindedigini mydama nygtap geçýär, döwletiň üstünlikleriniň esasynda bolsa parahatçylygyň we agzybirligiň durandygyny belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr.Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edipdir diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

Beýik türkmen şahyrynyň hormatyna diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, beýleki ýurtlarda hem gurlan ýadygärlikler Magtymgulynyň pelsepewi taglymatyna bütin dünýäde uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.Ençeme asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgeleri, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ýaşaýan ynsanlaryň ählisine ýakyndyr. Çünki hakyky zehiniň çägi ýokdur we ol ähli adamlaryň kalplaryny mähremlik we söýgi duýgusyndan doldurmaga ukyplydyr.

Bu duýgy eziz Watanymyzyň durmuşyny has-da ýagtylandyryp, Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny täze üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrar we elmydama halkymyza mahsus milli edep-terbiýäniň baky öçmejek mukaddesligi bolup hyzmat eder.

Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!Jeren Atamyradowa, Türkmenistanyň Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Ýene degişli makalalar

Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
22.06.2019 | Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa