GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY, ŞAHYR ALYŞIR NOWAÝYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 585 ÝYLLYGYNA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda “Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlige kitaphananyň işgärleri gatnaşyp, Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Myraly we Soltansöýün” hakyndaky rowaýaty barada aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi.

Söhbetdeşlikde şahyryň eserleri barada kitaphanaçylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY