Gündogaryň beýik akyldary

Gündogaryň beýik akyldary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň adyny Arşa göteren meşhur şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek baradaky işler rowaç alýar.X — XI asyrlarda ýaşap geçen uly alym hem pir, halk arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsy hem şeýle şahsyýetleriň biridir.

Golaýda gadymy Sarahs topragynda bu beýik piriň 1000 ýyllygy mynasybetli Abul-Fazl Sarahsy — 1000 ýyllygyň binasy atly ylmy maslahat geçirildi.

Sarahs babanyň ömri, döredijiligi hakynda häzire çenli ynamdar maglumatlar ýetmezçilik edýär. Şeýle-de bolsa, Ferideddin Attaryň Tezkiretu-l-öwlüýä (Weliler hakda kitap), Muhammet Münewweriň Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar atly kitabyndaky maglumatlar Sarahs babanyň şahsyýetiniň käbir taraplaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Ferideddin Attar öz kitabynda Sarahs babany şeýle wasp edýär: Abul-Fazl Hasan amanady saklaýan, dindarlyga amal ediji, ýalňyşmaýan, eziz, nogsansyz, mynasyp; ol watan söýgüsi bilen ýaşapdy we zamananyň ýeke-tägidi, jahanyň mähribanydy, takwalykda, muhabbetde, rehimdarlykda belent derejeli bolupdy, onuň keramatda, parasatlylykda çägi bolmandy.

Magryfetde we hakykat ýolunda meşhurdyr.Muhammet Münewweriň ýatlanan kitabynda berilýän maglumatlara görä, Abul-Fazl Hasan — Sarahs baba şeýh Abu Nasr Serrajyň şägirdi bolupdyr.Asly Tusdan bolan bu şeýh halk arasynda Tawus-al pukara (Pukaralaryň tawusy) diýlip atlandyrylypdyr.

Onuň tarykat we hakykat ylymlary barada birnäçe kitaplary bar eken.Abul-Fazl Sarahsynyň, onuň halypasynyň hem beýleki sopy alymlaryň ýöreden ýollarynyň aýry-aýry taraplary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Pakistan söwda we maýa goýumlary ösdürmegi maslahatlaşdy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN
Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy
Baýer ýeňlişsiz ýöriş boýunça täzelenen rekord bilen Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy