Günorta Afrikada holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Günorta Afrikada holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Gauteng ştatynyň Saglygy goraýyş departamentinden berilen beýanatda, soňky günlerde Pretoriýa şäheriniň demirgazygyndaky Hammanskraal sebitinde hasaba alynan epidemiýada, häzirki wagta çenli testleri položitel çykan 29 adamyň 20-siniň ýogalandygy habar berildi.

Beýanatda Hammanskraal sebitinde holera alamatlary bolan 179 adamyň bolsa bejergileriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Hökümet tarapyndan berilen beýanatda sebitdäki ähli suw çeşmeleriniň barlagdan geçirilendigi, emma häzirki wagta çenli suw çeşmeleriniň hiç birinde holera gabat gelinmändigi aýan edildi.

Milli Ýokanç keseller institutyndan berilen beýanatda, holeranyň iň tapawutly alamatynyň içgeçmedigi, ähli içgeçme hadysalarynyň holera şübhesi bile bejergi edilmeginiň gerekdigi habar berildi.

"Wibrio" bakteriýalarynyň sebäp bolýan we iýmit we suw arkaly ýokýan holera keseli bedende agyr içgeçmä we suwsuzlyga sebäp bolýar.

Kesel bejergi edilmedik halatynda ölüme sebäp bolup bilýär.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýanyň goşuny ybadathana hüjüminden soň zamun alnan onlarça adamy halas etdi
Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Eýran ABŞ-nyň Oman aýlagynda ýük gämisini ele geçirmegini ýazgardy
Russiýa Liwana 27 tonna kömek iberdi we şol uçary rus raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin ulanar
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Trampyň wekili ABŞ-nyň Eýran bilen urşunyň 60 günlük möhletden öň "tamamlanandygyny" aýtdy