
Günorta Koreýa, 6 ýyl soň ilkinji gezek Demirgazyk Koreýa serhediniň golaýynda türgenleşik geçirdi.
Günorta Koreýanyň harby goşunyndan berlen beýannamada, türgenleşigiň iki Koreýany biri-biri bilen birleşdirýän esgerden saplanan zolakda geçirlendigi nygtaldy.
Beýannamada, 6 ýyl soň ilkinji gezek geçirlen türgenleşikde hakyky gülleleriň ulanylandygy bellenildi.
Günorta Koreýanyň Deňiz güýçleri hem 26-njy iýunda 7 ýyl soň ilkinji gezek Demirgazyk Koreýa serhediniň golaýyndaky adalarda hakyky gülleler bilen türgenleşik geçiripdi.