Günorta Koreýa Norwegiýa bilen raketa şertnamasyny baglaşdy

Günorta Koreýa Norwegiýa bilen raketa şertnamasyny baglaşdy

Günorta Koreýanyň Hanwha Aerospace firmasy, geçen hepde Norwegiýa bilen uzak aralykly raketa şertnamasyny baglaşdy. Duşenbe güni hem Nordik sebitinde uzak möhletli howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, firmanyň başlygy Son Žaeil, Norwegiýanyň Günorta Koreýanyň Hanwha Aerospaje firmasyny saýlap almagynyň özara ynamy görkezýändigini aýtdy.

Son Žaeil “Norwegiýa bilen ýakyndan gatnaşyk etmegi we Nordik sebitiniň howpsuzlygyna goşant goşmagy we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýäris” diýdi.

Norwegiýanyň Goranyş enjamlary gullugy UDMA bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde Günorta Koreýanyň Hanwha Aerospace firmasy Norwegiýanyň ýaragly güýçlerine 16 sany ÇNRA raketasyny satar.

Şertnamanyň gymmatynyň 2 milliard dollara barabardygy habar berildi.

Günorta Koreýa bilen Norwegiýa 2017-nji ýyldan bäri goranyş senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Goşunyň howa güýçleriniň serkerdesi: Duşmanlar Eýrandan raketa atmazlygyny haýyş etdiler
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi