Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär

Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär

Robotlaryň iň köpsanlysynyň zähmet çekýän iň uly restorany Günorta Koreýada işe başlady. Ýurduň Günorta Çolla ülkesindäki obajykda hereket edýän garbanyşhana emeli aňly ofisiantlary bilen barha meşhurlyk gazanýar. Indi robotlary beýleki telekeçiler hem işe almak isleýärler.

Bu garbanyşhanada geçen aýdan bäri robotlaryň 16-si işleýär. Emma olar adamlary dolulygyna çalşyp bilenoklar. Bu ýerde tagamy hünärmen aşpezler taýynlaýarlar.

Tagam sargyt etmek üçin robotyň displeýindäki halan tagamyň şekiliniň düwmesine basmaly.

Şeýle robotlar günde müňlerçe sargydy bitirmäge we 100 kilometr geçmäge ukyplydyr.

Bu ýerde robotlaryň işini sazlaşdyrmak üçin Wi-fi routerler ornaşdyrylan.

Akylly ofisiantly restoranyň eýesi olaryň işinden razy, ol robotlaryň günäsi bilen henize çenli ýekeje gap-gajyň hem döwülmändigini aýdýar. Ol şeýle enjamlaryň ulanylmagynyň çykdajylary tygşytlamaga mümkinçilik berendigini hem sözüniň üstüne goşýar. Netijede, garbanyşhananyň düşewüntliligi 30 göterim, müşderileriň sany hem 30 müň adam artypdyr.

Golaý geljekde Günorta Koreýada şeýle restoranlaryň ýene ikisi peýda bolar. Emma emeli aň adamlary işsiz goýup biler diýip, howatyrlanýanlar hem az däl.

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary süýjülikleri gowy görýänleri täze medowik tortlary bilen begendirýär
Meşhur köçe tagamlary
Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari