Günorta Koreýada harby türgenleşigiň çäginde dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 2 adam ýogaldy

Günorta Koreýada harby türgenleşigiň çäginde dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli 2 adam ýogaldy

Harby çeşmelere görä, Günorta Koreýanyň harby goşunyna degişli AH-1S Kobra kysymly hüjüm dikuçary, Gapýeong etrabynda geçirilýän harby tälimiň çäginde heläkçilige uçrady. Heläkçilikde iki ekipažyň ýogalandygy ýatladyldy.

Dikuçaryň duşenbe güni ýerli wagt bilen 11-de heläkçilige uçrandygy habar berildi.

Heläkçilikde ýaralanan 2 ekipažyň agyr ýaralanandygy we hassahanada bejergi astyna alynandygy, emma halas edilip bilinmändigi nygtaldy.

Günorta Koreýanyň harby goşuny heläkçilikden soň AH-1S kysymly dikuçaryň uçuşyny saklady.

Heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Balykesirde F-16 uçary heläkçilige uçrady
ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
Russiýada Su-34 Kysymly Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
ABŞ-da Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
Russiýanyň Komi Awtonomiýasynda Bolan Otly Heläkçiliginde 70 Adam Ýaralandy
Fransiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 3 Adam Ýogaldy