Gürjüstana awiýa ýangyç berýänleriň arasynda Türkmenistan liderleigi eýeleýär

Gürjüstana awiýa ýangyç berýänleriň arasynda Türkmenistan liderleigi eýeleýär

2021-nji ýylyň ýanwar-oktiýabr aýlarynda Türkmenistan Gürjüstana 54,9 müň tonna awiýa ýangyç eksport etdi diýip “Biznes Türkmenistan” Azerbaýjanyň “Report” agentligine salgylanyp habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, bu döwürde Gürjüstana 73,5 müň tonna eksport edildi. Başgaça aýdylanda, Türkmenistan bu ýurda iberilen awiýa ýangyjyň 74,7 göterimini satdy.

Şunlukda, Türkmenistan Gürjüstana awiýa ýangyç iberen ýurtlaryň başynda durýar. Ikinji orunda Azerbaýjan (12 müň tonna), Üçünji orunda Italiýa ( 10,5 müň tonna) .

Habarlara görä, Gürjüstan Türkmenistandan beýleki nebit önümlerini hem satyn alýar.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Gürjüstana 122,6 müň tonna benzin we dizel ýangyjyny satyp, bu önümleriň umumy importynyň 23 göterimini berdi.

-11-nji fewralda prezident nebit-gaz pudagyna jogap berýän wise-premýer Myratgeldi Meredowy işden boşatdy we onuň ýerine Şahym Awdyrahmanowy belledi.

-Aprel aýynda belli bolşuna görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işläp bejerýän zawodda (TNGIBZ) awiasiýa ýangyjy Jet A-1 öndürmek meýilleşdirilýar.Ol Ýewropanyň TC-1 awiýa ýangyjynyň analogy hasaplanýar.

Kärhana degişli tenderi aýyň 5-de yglan etdi.

-3-nji sentiýabrdaky habarlara laýyklykda, TNGIBZ “AN-2”uçarlary üçin import edilýän awiýaýangyjy öndürmek barada çäreler durmuşa geçirildi.Geljekde “AN”uçarlary ýerli awiýaýangyç bilen doly suratda üpjün etmek,ýangyjy sebitdäki ýurtlara giňden eksport etmek meýilleşdirilýär. Şol uçar oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýar.The post Gürjüstana awiýa ýangyç berýänleriň arasynda Türkmenistan liderleigi eýeleýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar
Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?
Irki prezident saýlawlaryny geçirýän Aşgabat Moskwa bilen howpsuzlygy maslahatlaşdy
http://news.parstoday.com/newsfeed/16386171/view
Putiniň NATO guramasyna täze duýduryşy
Türkmen prezidenti GDA döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy