Güýzüň salkyn howasy respirator medeniýetini berjaý etmegiň ähmiýetini ýatladýar

Güýzüň salkyn howasy respirator medeniýetini berjaý etmegiň ähmiýetini ýatladýar

Türkmenistana güýzüň salkyn howasy aralaşýar, onuň ýany bilen bolsa häzirki döwürde iň köp ýaýran ýokanç kesel bolmagynda galýan ýiti respirator keselleriniň möwsümi gelýär. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, dünýädäki her üçünji adam her ýylda ýiti respirator kesellerinden ejir çekýär.

Häzirki wagtda dümewiň öňüni almagyň täsirli usuly bar her ýyl üstünlikli geçirilýän sanjym.

Emma dümew wirusyndan başga-da, respirator ýokançlyklaryna sebäp bolýan başga-da köp patogenler bar. Olara garşy ýönekeý öňüni alyş çäreleri bilen hem göreşmek mümkindir. Hususan-da, respirator medeniýetini jemgyýetçilik ýerlerinde respirator keselleriniň ýaýramagyny peseltmäge gönükdirilen özüňi alyp barmagyň ýönekeý we täsirli düzgünleriniň toplumyny berjaý etmek wajypdyr. Olaryň esasylaryny sanap geçeliň.

Üsgürilende ýa-da asgyrylanda:

Keseliň inkubasiýa döwründe onuň alamatlary ýüze çykmazyndan birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli aralykda başgalara ýokuşýandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň üçin heniz ýiti respirator ýokanç keselleri ýokuşmadyk adamlar hem ýönekeý düzgünleri berjaý etmelidirler:

- hassa görünýän, gyzgyny galýan we üsgürýän adamlar bilen ýakyn gatnaşykdan gaça durmaly;

- gujaklamakdan, öpmekden, elleşip salamlaşmakdan gaça durmaly;

- keseliň güýjeýän döwründe köp adamly ýerlere barmakdan gaça durmaly ýa-da ol ýerlerde geçirilýän wagty gysgaltmaly;

- eliňizi agzyňyza we burnuňyza degirmezlige synanyşmaly;

- elleriň arassaçylygyna üns bermeli elleri sabyn we bol suw bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da spirt esasly dezinfeksiýa serişdesini ulanmaly;

- ýaşaýyş otaglarynda arassa howanyň akymyny artdyrmaly, mümkin boldugyça ýygy-ýygydan penjireleri açmaly;

- näsag adam bilen aragatnaşykda gorag örtüklerini dakynmaly;

- sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli (gowy uky, deňagramly iýmitlenmek, beden işjeňligi, arassa howada yzygiderli gezelenç etmek).

Eger keselden gaça durmak başartmadyk bolsa, öýde galyň, lukmany çagyryň we özüňizi özbaşdak bejermäge synanyşmaň.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Palestina Gämi Keselhanasyny Ugratmaga Taýýar
Saglygyňyza jogapkärli çemeleşiň!
BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
BSGG: planetanyň bir milliarddan gowrak ýaşaýjysy semizlikden ejir çekýär
Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty
BSGG Gaza Üçin Çagyryş Edýär