Gum pişigi

Haýwanat dünýäsiniň özboluşly gurluşy bolup, ondaky janly-jandarlar birnäçe maşgalalara bölünýär. Şolaryň biri hem pişikler maşgalasydyr.Pişikler maşgalasyndan adaty öý pişigini, ýolbarsy, gaplaňy, barsy, garagulagy, alajagaplaňy, geçigaplaňy, ýabany pişigi… mysal getirmek bolar.

Bu ýyrtyjylar aw awlaýşy hem-de ýaşaýyş şerti bilen biri-birinden tapawutlanýarlar.Pişikler maşgalasynyň çölde ýaşaýan, suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýan görnüşiniň biri hem gum pişigidir.

AýratynlygyGum pişigi suw çeşmelerinden uzakda çölde ýaşaýan ýabany pişikleriň kiçiräk görnüşidir.Ol açyk çal, çägesöw reňkde bolup, käbiriniň garamtyl zolaklary hem bar.

Göwresiniň uzynlygy bary-ýogy 50 santimetr töweregidir.Onuň kiçijik gulagy bolup, hininiň içinde arkaýyn hereket etmäge kömek edýär.Gum pişiginiň eşidiş duýgurlygy öý pişigiňkiden 8 desibel uludyr.

Ol, adatça, gündiz hininde dynç alyp, gijelerine aw edýär.Gum pişigi ownuk gemrijileri, oňurgasyz jandarlary, towşanlary, zäherli ýylanlary we gijesine uçýan guşlary awlamak üçin ortaça 5,4 kilometr ýol geçýär.Merkezi Aziýada duş gelýän gum pişiginiň öň aýagyndaky dyrnaklary gysgadan gaty ýiti, yzky aýagyndaky dyrnaklar bolsa ownuk bolýar.

Penjeleriniň aşaky böleginiň galyň sütükli örtük bilen gurşalmagy gyzgyn çägäniň üstünde arkaýyn hereket etmegine kömek edýär. Şeýle aýratynlyk, gum pişiginiň aýak yzyny tanamagy we yzarlamagy kynlaşdyrýar.

ÖwrenilişiYlma mälim bolan ilkinji gum pişigi Alžiriň Saharasyndan tapylyp, 1858-nji ýylda bu barada habar berilýär. Şu güne çenli Marokkoda, Alžirde, Nigeriýada, Çadda, Müsürde, Arap ýarym adasynda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda gum pişigi hasaba alyndy.

Merkezi Aziýada 1925-nji ýylda Garagum sährasynda ilkinji gezek gum pişiginiň bardygyny görýärler. 1960-njy ýyllaryň ahyryna çenli gum pişigi Üstýurt düzlügine, Köpetdaga, Amyderýa we Syrderýa aralygyna (Gyzylgum), Garaguma ýaýrap başlaýar.

Ilat sanynyň köpelmegi hem-de tebigy şertleriň üýtgemegi nazara alnyp, gum pişigi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik (IUCN) tarapyndan hasaba alynýar.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi
Çatda Çopanlar Bilen Daýhanlar Çaknyşdy
Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan hüjüm guraldy
Çadyr şekilli stadion (Katar 2022-niň stadionlary)
Aamir Khanyň täze filmi şowsuzlyga uçrady
Jon Wik 4 franşizanyň iň uzak dowam edýän filmi bolar