Gumdag Etrek Eýran serhedi awtomobil ýoly gurlar

Gumdag  Etrek  Eýran serhedi awtomobil ýoly gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde ulag ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek barada pikir alyşmalar boldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, amala aşyrylýan taslamalar, häzirki wagtda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň düýpli oýlanyşykly syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içinde we daşynda awtomobil ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolup durýandygyny aňladýar.

Mejlisde awtoulag ýollarynyň gurluşyklaryna möhüm ähmiýet berildi. Bu babatdaky işleriň hatarynda Etrek Gumdag awtoulag ýolunyň hem möhümdigi bellenilmäge mynasypdyr.

Mejlisiň netijeleri boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen EYR-nyň Ýol we şähergurluşyk ministrliginiň arasynda Gumdag Etrek Eýran serhedi awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Gumdag-Etrek-Eýran serhedi awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi
Dalaşgärler saglyk barlagyny nirelerde geçip bilerler?
Türkmenistan Eýran gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýady berkidilýär
“Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistan türkmen-eýran serhetlerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
MaryMaşat elektrik geçirijisini maliýeleşdirmek boýunça Ylalaşyga gol çekildi