Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy

Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 185 müň tonna golaý nebit çykaryldy

Türkmennebit döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda iş alyp barýan Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan gara altynyň umumy möçberi 184,4 müň tonna golaýlady. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji bellenilen üç aýlyk meýilnamanyň 134,4 göterimden geçirilip berjaý edilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, tutuş konsernde çykarylýan gara altynyň umumy möçberi boýunça üçünji ýerde durýan müdirlik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 132,5 göterime çenli ýokarlandyrdy.

Kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen täze açylan we öňden önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda hem-de döwrebap ýola goýulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi
Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy
Gumdagnebit nebit-gaz çykaryş müdirliginde nebitiň 526,3 müň tonnasy çykaryldy
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy