Gurban baýramynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti hatyralandy

Gurban baýramynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti hatyralandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Gurban baýramy mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde baýram namazyny okandan soň, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hem-de onuň maşgala agzalarynyň aram tapan ýerine baryp, olaryň hatyrasyny sarpalady.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, çärä Ýaşulular geňeşiniň agzalary we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlar hem gatnaşdy. Bu ýerde merhumlaryň ruhuna aýat-töwir okalyp, olaryň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.

Şol gün Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki “Märkäw” medeni-dynç alyş merkezinde gurbanlyk sadakasyny hem berdi. Sadakada ýurduň abadançylygy, halkyň agzybirligi we asudalygy üçin doga-dilegler edildi.

Şeýle hem şol gün Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan 30 müň orunlyk täze metjide baryp, onuň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hajy Arkadag Gurban baýramy mynasybetli baýram namazyny okady
Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watana gulluk etmek kakam üçin iň beýik mertebedi
Prezident kakasyny öwüp, goşgy okaýar. MHM başga pikirlilere basyşyny güýçlendirýär
Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy