Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi

Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi

71 ýaşly türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň Dinamo toparynyň prezidentiniň geňeşçisiniň wezipesini ýerine ýetirer. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Mundan ozal 2023-nji ýylyň iýunyndan 2024-nji ýylyň fewralyna çenli Gurban Berdiýew bu toparda baş tälimçi bolup işläpdi. Toparyň häzirki prezidenti Gaji Gajiýewdir.

Klubuň metbugat beýanatynda golaýda Dinamonyň prezidenti Gaji Gajiýewiň we Gurban Berdiýewiň Dagystanyň ýolbaşçysy Sergeý Melikow bilen duşuşandygy bellenilýär. S.Melikow Gurban Berdiýewi aprel aýynyň ahyrynda geçiriljek klubuň hemaýatkärler geňeşiniň mejlisine çagyrdy we G.Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçisi hökmünde çakylygy kabul etdi.

Häzirki wagtda Dinamo 25 oýunda toplanan 44 utuk bilen Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň turnir tablisasynda üçünji ýerde barýar. Mahaçkala topary Russiýanyň Premýer-ligasyna gönüden-göni çykmaga ýollanma berýän ikinji orundaky Himkiden bary-ýogy 1 utuk yzda. Turnir tablisasynyň lideri Akronda bolsa 46 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýarym goragçy Serder Serderow Gurban Berdiýewi Dagystanda hemmeleriň hormatlaýandygyny aýtdy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Aziýanyň çagalary sport oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy, Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy
Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy
Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniňkide myhmançylykda boldy, Türkmenistanda 7 aýyň dowamynda 2 mln tonnadan gowrak nebit alyndy, 1-nji sentýabrda Baýramalyda täze mekdep açylar