Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da birnäçe duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde “Türkmenistan ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Gurbanguly Berdimuhamedowy Amerikada görýändigine şatdygyny aýdyp, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

“Türkmenistan ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde bu ýurduň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça prezidenti Çaba Leýko bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzakmöhletli häsiýete eýedigine üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde “Panther” milli golf klubyna, “La Victoria” atçylyk toplumyna baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
Şöhläni epläp bolarmy?
Lebapdaky teatrda William Şekspiriň komediýasy sahnalaşdyrylýar
ÝHHG-da COVID-19 ýokanjy barasynda nähili ýazmalydygyny türkmen žurnalistlerine düşündirýär
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi