Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

O.Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesini belledi.Nygtalyşy ýaly, iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda berk binýat bolup hyzmat edýär.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini, ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýtdy we şu ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň ähmiýetini nygtady.

O.Atabaýewa geçen ýylyň awgustynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin hytaý tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen duşuşyk geçirildi.

Szi Şumin gaznanyň wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň HHR-e amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy Li Biniň, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň O.Atabaýewa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şol saparyň dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanyna öwrülendigini belledi.Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamdaky dialogy giňeltmegiň çäklerinde şu ýylyň aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde 9 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de üç palestinaly öldürildi
Ysraýylyň drony Gazanyň Han Ýunus kenaryndaky mähelläni nyşana aldy.
“Korea Import Expo” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony öz işine başlady