Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Gazananyň wise-prezidenti hem-de Ýaşulular geňeşiniň agzalary bolan ýurduň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulylar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2024-nji ýylda geçen döwürde alnyp barylan işler, Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri we öňde duran wezipeleri baradaky hem-de beýleki dürli meseleler girizildi.

Çykyşlarda degişli döwürde Gaznanyň alyp baran işleri barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň halkara derejesinde abraýynyň barha arýandygy nygtaldy.Munuň şeýledigine Gaznanyň döredilen güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi atly maslahat geçirilip, şol gün BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk Hiç kimi yzda galdyrmazlyk ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasyny gowşurmagy-da şaýatlyk edýär.

Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde ýurduň welaýatlarynda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin durlup geçildi. Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň aksakallary Ýaşulular Geňeşiniň agzalary hökmünde ýerlerde alyp barýan işleri barada çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet
Täze banknotlar gymmat bahadan satyldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Ýaşyl wodorod bilen işleýän uçar
Tailandyň iň ýaş Premýer-ministri
Türkmen halkynyň Milli Lideri Haýyr-sahawat gaznasynyň mejlisini geçirdi