Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bugdaýly tejribe-tohumçylyk daýhan birleşigine bardy we bu ýerde GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Semena assosiasiýasynyň prezidenti I.Kuzmin bilen söhbetdeş boldy. Şeýle-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň başlygy Ç.Amanow hem-de alym-agronomlar boldular.

Aşgabada gelen myhman I.Kuzmin bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilerine we agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daýhan birleşigiň kärendeçisi Ç.Annaýew bilen söhbetdeş bolup, onuň ekin meýdanlary, maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy we oňa birnäçe maslahatlaryny berdi hem-de daýhanyň çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlary gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi