Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäherine öwrülmelidigini öňe sürdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäherine öwrülmelidigini öňe sürdi

Şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar hem gatnaşdylar. Onuň barşynda Arkadag şäherine degişli guramaçylyk işleri, bu ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýakynda kabul edilen Arkadag şäheri hakynda Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda geçirilmeli işlere seredildi. Şeýle-de guramaçylyk soraglary ara alnyp maslahatlaşylyp, işleri talabalaýyk guramak boýunça ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary öz hasabatlarynda gözegçilik edýän ulgamlary boýunça Arkadag şäherinde döredilen degişli düzümlere bellenilen we saýlanylan ýolbaşçylar barada aýtdylar.

Mejlisde Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, häzirki döwürde şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna möhüm üns berlendigi, şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenilen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet beriljekdigi barada hem aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri — ylymlaryň şamçyragydyr atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Arkadagda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda meýdan eden gurluşyk işçileri welaýatlaryna iberildi