Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol üçünji ýokary derejeli maslahatynda çykyş edip, 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmeginiň yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlandygyny, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açandygyny belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň meýilnamalary barada-da gürrüň berdi.

2.Bir guşak, bir ýol forumynyň çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi.daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer, seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we deňiz taslamalaryny ilerletmek meselelerini öz içine alýan 6 maslahat, işewür toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Ýokary derejeli maslahat birnäçe başlangyçlaryň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa sebitinde ýaşyl ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy üçin taýýarlana ýörite medeni maksatnamanyň çäklerinde Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi. Bu ýerde Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergi nepis türkmen halylarynyň dürli görnüşlerine, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň nusgalaryna bagyşlandy

4.Türkmenistanda geçirilýän Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde tegelek stol görnüşinde geçirildi.Ol halk senetlerini we mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

Bellenilişi ýaly, türkmenler we tatarlar şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýäniň medeni hazynasyna mynastpo goşant goşan halklar hökmünde giňden meşhurdyr.Bu ýere ýygnananlar halk däp-dessurlaryny gorap saklamak we senetçiligiň ösmegi üçin şert döretmek üçin Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Aýry-aýry gürrüňler türkmen şaý-sepleriniň, türkmen halysynyň, keşdesiniň we keramikasynyň çeper aýratynlyklaryna bagyşlandy.

5.Türkmenistan 25-25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň nebit we gazy 2023 atly 28-nji halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge taýýarlanýar.Forumda türkmen hünärmenleri ýurduň ýangyç-energetika toplumyna degişli geljegi uly maýa goýum taslamalaryny hödürlärler.

Taslamalaryň hatarynda Galkynyş gaz känini mundan beýläk-de gaýtadan işlemek, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, gury ýerdäki nebit we gaz önümçiligini optimizirleşdirmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky ýataklary özleşdirmek, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyndaky taslamalar bardyr.

Serginiň häzirki zaman ösüş meýillerine laýyklykda, pudagyň gazananlaryny görkezmegine garaşylýar.Munuň özi nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge we Türkmenistanyň bähbitlerini dünýä derejesinde goldamaga kömek eder.

Dünýäde

6.Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Hindistanyň 2035-nji ýylda hususy kosmos stansiýasyny döretjekdigini, şeýle hem 2040-njy ýyla çenli öz kosmonawtyny Aýa ibermäge taýýar boljakdygyny aýtdy. Ýakynda geçirilen Aý missiýalarynyň üstünlikleri Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasyny kosmosy özleşdirmäge, hususan-da, Aýy has giňişleýin öwrenmäge ruhlandyrdy.

Premýer-ministr hindi alymlaryny Wenera üçin orbital enjamyň we Mars üçin gonuş modulynyň üstünde işlemäge çagyrdy.

7.Ruandaly 71 ýaşly adam aýallardan gorkýar we 55 ýyl bäri olardan gizlenýär.Ol zenanlar bilen duşuşmazlyk üçin öýüni 4 metrlik haýat bilen gurşap aldy we onuň daşyna asla çykmaýar Şol bir wagtyň özünde, zenanlar diwaryň ýanyna azyk, suw we derman getirýärler. Ýerli ýaşaýjylar onuň 16 ýaşyndaka aýallardan gaça durup başlandygyny aýdýarlar. Şondan bäri onuň öýünden çykanyny örän az adam görüpdir.

8. Çagalary süýt içmäge höweslendirmek üçin ýapon süýt öndürijisi Seki Milk aýna çüýşelere manga görnüşindäki komiksleri çap edýär.Ak reňk bilen çekilen suratlar diňe süýt çüýşesini boşadanyňdan soň görünýär. Çagalary has köp süýt içmäge höweslendirmek üçin döredilen bu usul, köplenç, günortanlyk naharynda özleriniň süýt paýyny içip gutarmaýan ýapon çagalarynda kalsiý ýetmezçiliginiň ýüze çykýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Mundan başga-da, şeýle çäre azyk galyndylarynyň döremek mümkinçiligini azaldar.

Sport habarlary

9.Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde BAE Türkmenistan taktiki oýunlary atly halkara sport ýaryşy geçirildi.Bu ýaryş iIki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli guraldy. Ýaryşa Türkmenistandan 40 topar we BAE-den 3 myhman topar gatnaşdy.

Türgenler funksional taýýarlygy, güýji, çydamlylygy we hereketleriň utgaşyklylygyny barlamaga gönükdirilen maşklar boýunça özara bäsleşdiler.Guramaçylaryň bellemeklerine görä, çäräniň maksady sport we sagdyn durmuş ýörelgesi arkaly ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekdir. Ýeňijiler ýadygärlik sowgatlar we baýraklar bilen sylaglanyldy.

10.Eýranyň we Kataryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygynda eýranly topar 4:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.Gollaryň birini Eýranyň milli ýygyndysynda çykyş edýän türkmen gelip çykyşly hüjümçisi Serdar Azmun tora girizdi.

Bu Azmun üçin milli ýygyndynyň köýnekçesinde geçiren 47-nji goly boldy. Şeýlelik bilen, ol 50 gola adyny ýazdyran Karim Bageriniň netijesine ýakynlaşdy, Bageri milli ýygyndy üçin geçirilen gollaryň sany boýunça ikinji rekordyň eýesidir.

Bu görkeziji boýunça 109 pökgi geçiren Ali Daýei öňdeligi saklamagynda galýar.

11. Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa AFK assosiasiýasynyň ähli agzalarynyň adyndan Saud Arabystanynyň 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek baradaky teklibini goldamak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada AFK-nyň adatdan daşary kongresinde belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda okuwçylary daşaýan gaýyk batdy
Putin, G-20-niň Liderler Maslahatyna Gatnaşmaz
Şu gün Hindistanda Uly ýigrimiligiň ýygnagy başlanýar
Prezident Erdogan Hindistanda Saparda Bolýar
Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar
Gurbanguly Berdimuhamedow Narendra Modä gutlag hatyny iberdi