Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman türkmen halkynyň Milli Liderine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şolsyň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, GFR-iň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň şu saparynyň geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça meseleleri türkmen kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşmak hem-de pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.

— Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we häzirki wagtda iki döwletiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Şunda Türkmenistan bilen Germaniýanyň lukmançylyk senagaty, oba hojalygy, bank ulgamlarynda, şeýle hem ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Duşuşygyň barşynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlyk kartasynyň ähmiýetini belledi. Ol energetika, himiýa senagaty, obasenagat toplumy, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesi, “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmak ulgamlarynda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär.

Söhbetdeşler nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

Myhman geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-german işewürler maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşynyň nemes işewürleriniň arasynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Şunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoryny bar bolan mümkinçilikleri, şol sanda ýokary tehnologiýalar, ýaşyl energetika, inklýuziw we akylly şäherleri gurmak ulgamynda döreýän mümkinçilikleri has giňden peýdalanmaga çagyrdy hem-de anyk tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory hoşallygyny beýan edip, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi  
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy