Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Germaniýanyň Türkmenistanda saparda bolýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanda görýändigine şatdygyny aýdyp, soňky ýyllarda türkmen-german gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

GFR-iň Edison Teсhnologies kompaniýasynyň baş direktoryndan, Teamtechniсk kompaniýasynyň satyş boýunça wise-prezidentinden, Reifenhäuser kompaniýasynyň satyş boýunça menejerinden ybarat toparyň wekilleri ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda bolmagyň we türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda zerur şertleriň üpjün edilen ýurdunda amala aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini, bu babatda degişli kanunçylyk binýadynyň berkidilendigini aýtdy.

2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamada Türkmenistanyň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işlenip taýýarlanylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy özüniň şu ýyl iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynda bolup, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýýan netijeli hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Munuň özi türkmen-german gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Myhmanlar Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň 20-ä golaýyny özünde jemleýän konsorsiuma wekilçilik edýändiklerini aýdyp, Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we Arkadag şäherinde bina ediljek lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumynyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormat boljakdygyny bellediler. Şeýle hem iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap akylly şäheriň peýda bolandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda dürli ulgamlary öz içine alýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirildi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Fonogrammanyň oýlanyp tapylmagy
23.05.2018 | Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy
Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy
18.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we geljegi