Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine iş saparynyň jemleýji gününde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşandygyny habar beripdik.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, şeýle hem syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi nazar alyp ýola goýulýan, şol sanda Merkezi Aziýa — Hytaý formatynda ilerledilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistana saparyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderini ýene-de Hytaýa gelmäge çagyrdy.

Gepleşikler tamamlanansoň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Pekiniň Şoudu Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistana ugrady.

Pekin şäherinden ugur alan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary birnäçe sagatdan Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinde Gahryman Arkadag HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy.

HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji ýokary derejeli Bir guşak, bir ýol maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Robot demirýolçy işe başlady
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
Arkadagda suw gyzdyrýan gazanlaryň operatorlaryndan “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek talap edilýär
Moskwadaky türkmen konsulhanasynda nobat döredi, türkmen raýatlygyndan çykýanlar hem bar
Türkmenfilmiň altyn sahypalary: Jadyly dür. Genje öwrülen film