Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Hatda bellenilişi ýaly, Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah köp ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işlemek bilen, Kuweýt Döwletiniň ösmegine uly goşant goşdy.

Goý, Gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk hem-de sabyrlylyk bersin diýip, Gahryman Arkadag dileg etdi we merhumyň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistan Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini tagta geçmegi mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini tagta geçmegi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirine gynanç hatyny iberdi