Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistana çagyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistana çagyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana bardy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Sylagy gowşurmak dabarasy Kasri Millat köşgünde geçirildi.

Gahryman Arkadag bu ýerde eden çykyşynda pursatdan peýdalanyp, ähli ýygnananlary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara çagyrdy we bu dabaralaryň ýokary halkara derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi
PAÝTAGTYMYZDA DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMY BAŞLANDY