Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny öz adyndan we Russiýa — Yslam dünýäsi Strategiki garaýyş toparynyň adyndan türkmen halky üçin möhüm sene bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mundan başga-da, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Gahryman Arkadaga minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda söhbetdeşler ýakyn wagtda Kazanda geçiriljek forumlary barada hem pikir alyşdylar. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň wekiliýetini Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023 ýubileý XV halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY
Putin Tatarystanyň Baştutanyny sylaglady
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine Dostluk ordenini gowşurdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
Döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň Duslyk ordeni bilen sylaglandy