19-njy maýda öňki prezident we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa–Yslam dünýäsi:KazanSammiti-2022” maslahata, şeýlede Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyny baýram etmek üçin Kazana bardy.
Bu barada Tatarystanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Howa menzilinde Berdimuhamedowy Tatarystanyň prezidenti Rüstem Minnihanow garşylady.
Sammitiň çäginde öňki prezident Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen gepleşikler geçirdi.Emma, gepleşikleriň jikme-jik mowzuklary habar berilmeýär. Ýöne,Tatarystanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň çap eden wideýo ýazgylara görä, taraplar Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň çäginde özara gatnaşyklary, şeýlede ulag-geçiş koridorlary maslahat edildi.
Rus tarapynyň tekliplerini prezident oglunyň garamagyna ýetirjekdigini uly Berdimuhamedow söz berdi.
TASS habar gullugynyň maglumatyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň başlygy sammitde eden çykyşynda Russiýanyň we yslam dünýäsi ýurtlarynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga kömege Aşgabadyň taýýardygyny aýdýar.
“Türkmenistan özüniň geljegini Russiýa we yslam dünýäsi döwletleri bilen dostlukda, hyzmatdaşlykda we özara düşünişmekde görýär” diýip öňki prezident nygtaýar. WIDEO
Sammitden soňra Minnihanow we Berdimuhamedow Tatarystanyň Kremlinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirdi.
Minnihanow hyzmatdaşlykdan kanagatlanýandygyny aýtdy we Türkmenistanda JPJ Kamazyň, JPJ Tatnеbitiň, KEP holdingiň, Kazan wertolýot zawodynyň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi.
Şeýlede Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tatarystan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny tassyklady.
Duşuşyklardan soňra Minnihanow “Tatarystan Respublikasynyň öňünde bitiren hyzmaty üçin”ordeni bilen Berdimuhamedowy sylaglady.
Mundan öň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “Dostluk” ordeni bilen prezident Serdar Berdimuhamedowy sylaglady.
Bir hepde mundan owal bolsa, öňki prezident Berdimuhamedow “IPA GDA. 30 ýyl” ýubileý medaly bilen sylaglanypdy we ony RF-niň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko gowşurypdy.The post Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystana bardy we orden aldy (surat/wideo) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
