Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürleri bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürleri bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Baýkar Makina Sanaýi we Tijaret A.Ş. kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we BMC Otomotiw Sanaýi we Tijaret A.Ş. kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda türkiýeli işewürler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan üstünliklere buýsanýandyklaryny belläp, degişli ulgamlarda, hususan-da, Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Söhbetdeşlikde iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy. Türk işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze, döwrebap görnüşleriniň ilkinji bolup ata Watan Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we türkiýeli işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrjak elektrostansiýa açylyp, ulanylmaga berildi