Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar"

Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar"

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Astana sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýär, sebit prosesleriniň barşyna we ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda nygtady.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar?
Diňle: ŞHG agza haýsy döwletler türkmen gazyny satyn alýar?
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Pakistanda ŞHG-niň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň ýygnagy geçer