Gurbanguly Berdimuhamedow ýürek operasiýasyndan soň Nazarbaýewiň tiz wagtdan sagalmagyny arzuw etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow ýürek operasiýasyndan soň Nazarbaýewiň tiz wagtdan sagalmagyny arzuw etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe geçirilen operasiýa bilen baglylykda hat iberip, oňa tiz wagtdan sagalmagy, şeýle hem berk jan saglyk, ruhubelentlik, gujur-gaýrat arzuw etdi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Geçen hepde Gazagystanyň ozalky Prezidenti, 82 ýaşly Nursultan Nazarbaýewiň ýürek operasiýasy amala aşyryldy. Operasiýa Astanadaky milli ylmy ýürek hirurgiýa merkezinde geçirildi.

Onuň sözlerine görä, Nursultan Nazarbaýewiň saglyk ýagdaýy gowy we ýakyn wagtda hassahanadan çykarylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary
4 aýda türkmen-gazak söwda dolanyşygy 167,8 million dollar boldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary başlandy
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy