Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlaýarlar

Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlaýarlar

Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar.

Hatlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçmişi, häzirki döwri we geljegi birleşdirýän, ýaşlara terbiýe berýän, olary beýik maksatlara we üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesil beýik hormata mynasyp bolýar.

Hatlary iberenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Liderini Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.

Gahryman Arkadaga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, M.Mämmedowa, R.Meredow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu şanly waka bilen gutladylar.

Türkmen halkynyň Milli Liderini ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gutladylar.

Gahryman Arkadaga ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýürekden gutlaglaryny ýolladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Demokratik partiýanyň başlygy A.Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory R.Bazarow, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlaglaryny iberdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi