Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow çäräniň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde aýtdy. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.

“Ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlardan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Premýer-ministrleriniň, Kuweýtiň hem-de Liwiýanyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlarynyň, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň, Malaýziýadan, Liwiýadan, Özbegistandan, Owganystandan, Palestinadan, Ugandadan ministrleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär” diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Habarda bellenişi ýaly, 80-den gowrak döwlet “KazanForum” halkara çäresine gatnaşjakdygyny tassyklady.

Tatarystanyň paýtagtynda 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumy Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şu ýyl bu çäre Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde 14 19-njy maý aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer ministrini kabul etdi