Gurbanguly Berdimuhameow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Gurbanguly Berdimuhameow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ruhy päklik we ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de külli musulman ymmatynda dostlugyň, özara goldaw bermegiň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, pursatdan peýdalanyp, şu mukaddes baýramda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň adyndan gutlaglary kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we ýakynda maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hanym Emine Ärdogana mukaddes Gadyr gijesi we Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny iberendigini belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Prezidentiniň dogaýy salamyny we bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Baştutany, öz gezeginde, Türkmenistany Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge uly goşant bolandygyny belledi hem-de Gahryman Arkadagdan Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawlary bilen mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadag Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin, strategik ýörelgeler esasynda guralýan köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň diliniň, medeniýetiniň we ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de tutan orazalarynyň, doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiýede ýerli saýlawlar geçdi
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler