Gurbanguly Hojagulyýewiň zümerret manzarlary

Çeperçilik sungaty muzeýinde Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy, şu günler 65 ýaş toýuny belleýän Gurbanguly Hojagulyýewiň işleriniň sergisi açyldy.Ol žiwopis muşdaklarynyň gowy bilýän, ýygy-ýygydan sergilerde görkezilýän Änew atly suratyň awtorydyr.

Nakgaş onuň ýordumynda iň gadymy ekarançylyk medeniýetiniň ojaklarynyň biri diýlip ykrar edilen topragyň geçmişini we şu gününi birleşdiripdir.Bulutlary deşip geçen Gün şöhlesine öwşün atyp ygşyldap ýatan galla meýdany dowamat dowamlylygyň nyşany bolup görünýär.

Onuň soňky işleriniň biri Köpetdag bahary diýlip atlandyrylýar, heniz molbertdenem aýrylmadyk bu suratda hem ýaşyryn manylar kän.Nakgaş her dürli ýaz güllerine bürenen äpet erezi şekillendiripdir.Ol bir görseň-ä deňiz tolkunyny, bir-de asmandaky Akmaýanyň ýoluny ýada salýar.

Gülälekler gözýetimde ýitip gidýän dag ulgamlaryna boýa-başyna al-elwan nagyş çekipdirler.Gökdepe etrabynda doglan Gurbanguly Hojagulyýew heniz dördünji synpda okaýarka erkin temadan surat çekilýän döwri özüni nakgaş saýdy.

Synpdaşlarynyň ählisi onuň daşyndadyr, ol hemme kişä derek surat çekerdi: sygyryň, pişigiň, itiň, agaçlaryň, küýzedäki gülleriň, mekdep howlusynyň...suratyny çekerdi. Ýaşajyk nakgaşyň çekýän suratlaryny gören mugallymy ýylgyrdy-da: Synpda Şişkin-Lewitan barmy?

Hojagulyýew senmi?Sen nakgaş bolarsyň! -diýipdi.Orta mekdebi tamamlandan soň Gurbanghuly Hojagulyýew çeperçilik orta hünär mekdebine okuwa girdi.Halypa babatda onuňky şowlady.Türkmenistanyň halk nakgaşy Hajy Atakow halypalykda aşa sypaýydy, okuwçylarynyň işine baha berende az sözlüdi.

Etýuda ýa-da surata syn ederdi-de, halasa boljak, göwnünden turmasa-da ýok diýip oňaýardy.Halypa şägirdiň gatnaşygy uzaga çekdi, Gurbanguly her işini görkezende howsala bilen onuň gysgaça bahasyna garaşýardy.

Wagtyň geçmegi bilen arzyly boljak sözi köp eşidildi.Nakgaşlar köplenç ugruny üýtgedip, täze bir zada baş uragan bolýarlar.Gurbanguly Hojagulyýew göwrümli žiwopise imrigipdi: hamala, heýkeltaraş kimin reňklerden ...

manzar ýasaýardy, soňra gobelen usulynda surat döretmäge synanyşdy.Sergide şu tilsimde onuň birnäçe işi: Bahar owazy, Nar agajy, Goşa nar we beýleki işleri goýlupdyr.Ahyrsoňy realizme geldi.

Reňklerden ýaşyly, pasyllardan bahary, gije-gündizden agşamy halaýar. Ýubilýaryň zehininden dörän bahar manzarlarynyň goýy reňkleri sergi zalyna şahyrana ruh berdi.Nakgaş ulgam-ulgam dag çeşmesi Sekizýapdan we onuň gözel jülgesinden ylham alýar.

Sekizýabyň gözbaşy suraynda awtoryň dogduk iline söýgüsi duýulýar.Zümerret otlardyr gyrymsy agaçlar bilen jäheklenen durnagöz suwy synlanyňda köňlüňe rahatlyk inýär.Sekizýaba şeýle ezzet-hormatynyň özüne ýetik sebäbi hem bar nakgaşyň gyzy hut şu ýerden derdine derman tapypdy... Şirin-şeker miwäni datmaga çagyrýan Gawunly natýurmort işi onuň hünär okuw mekdebini tamamlandan soň çeken ilkinji suraty bolansoň, ony aýratyn gowy görýär.

Gurbanguly Hojagulyýewiň agzalmaga mynasyp işleriniň biri-de -- Çopan çaýy atly suratydyr, ol oda goýlan tüňçe çaýynyň başynda gojalaryň geçmiş baradaky gürrüňleriniň älemine atarýar.Söhbetdeşligimizde nakgaş Garagum barada işler tapgyryny döretmek isleýändigini aýtdy.

Altynsow-sary reňkli žiwopis eserleriniň manzar lirikasynyň ussadynyň zehininiň täze bir ugruny açjakdygyna umyt bildirýäris.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Synpdan synpa geçiş synaglaryna “korrupsiýa we bilime bolan biperwaýlyk” ýene kölege saldy
COVID-19 çagalaryň ölümine sebäp bolýar, derman hemmä elýeterli däl
Orta mekdeplerde okuwlar duýdansyz gaýtadan başlady
Aşgabatly mekdep uçurymlary mugallymy zäherlemekde güman edilýär - olar para üçin "jeza bermek isläpdir"
Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär
Sahna belentligi