Gustawo resmi ýagdaýda Kolumbiýanyň prezidentiniň wezipesine girişdi

Gustawo resmi ýagdaýda Kolumbiýanyň prezidentiniň wezipesine girişdi

Taryhy pakt çepçi partiýalaryň bileleşiginden hödürlenen, Kolumbiýanyň prezidentligine saýlanan Gustawo Petro ýekşenbe güni resmi ýagdaýda döwlet baştutanynyň wezipesine girişdi. Ol Kolumbiýanyň çepçi güýçlerine wekilçilik edýän ilkinji prezidentdir. Wezipä girişmek dabarasyny Canal Institucional teleýaýlymy ýaýlyma goýberdi.

Şonuň ýaly-da, täze wise-prezident Fransiýa Markes hem kasam kabul etdi.Inaugurasiýa mynasybetli dabaraly çärelere Ispaniýanyň koroly Filipp VI, Argentinanyň prezidenti Alberto Fernandes, Boliwiýanyň prezidenti Luis Arse, Paragwaýyň prezidenti Mario Abdo Benites, Çiliniň prezidenti Gabriel Boriç we Ekwadoryň prezidenti Gilýermo Lasso dagy hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. 2022-nji ýylyň saýlawlarynda Petro üçin saýlawçylaryň 50,4% ses berdi.

Onuň Korrupsiýa garşy hökümetleriň ligasynyň syýasy hereketine wekilçilik edýän esasy bäsdeşi Rodolfo Ernandes 47,3% ses aldy.

Ýene degişli makalalar

Gustawo Petro kasam kabul etdi
Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular
Çepçi dalaşgäriň ilkinji ýeňşi
Türkiye Ekwadora Kobra II sowutly ulaglary gowşurdy