Guterriş: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş ýurtlaryň ýok bolmagyna getirer

Guterriş: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş ýurtlaryň ýok bolmagyna getirer

Geçen XX asyrda deňziň suwunyň ählumumy derejesi soňky 3 müň ýylyň islendik ýüzýyllygyndaky bilen deňeşdirilende, diýseň çalt ýokarlandy diýlip, BMG-niň saýtynda ýazylýar. Şunda dünýä ummanynyň suwy soňky ýüzýyllykda 11 müň ýyl bäri islendik döwürdäkiden diýseň çalt gyzdy.

Eger suwuň ortaça temperaturasy ýene iki gradus ýokarlansa, deňziň suwunyň derejesi hem iki esse ýokarlanyp biler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sözlerine görä, bu mesele kiçi ada döwletlere-de, şeýle hem ösen kenarýaka ýurtlara howp salýar. Şunda balyk tutmak pudagy, oba hojalygy, jahankeşdelik zyýan çekýär, adamlar bolsa ýaşaýyş öýleridir eklenç çeşmelerini ýitirýärler.

Baş sekretaryň sözlerine görä, Bangladeş, Hytaý, Hindistan we Niderlandlar howp astynda galar. Lagos, Maputu, Bangkok, Dakku, Jakarta, Mumbaý, Şanhaý, Kopengagen, London, Los-Anjeles, Nýu-Ýork, Buenos-Aýres we Santýago ýaly uly şäherler çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.

Fiji, Wanuatu we Solomon adalary ýaly ýurtlarda deňiz suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy eýýäm adamlaryň köpçülikleýin göçmegine sebäp boldy. Demirgazyk Amerikada duzly suw topraga siňip, süýji suw bilen garylyp, hasylyň ýok bolmagyna getirýär.

Guterriş bu meseläni çözmek üçin üç ugur boýunça iş alyp barmagy teklip etdi, olar: howanyň hapalanmagyna garşy göreşmekdir; garyplyk, deňsizlik, kemsitmek, adam hukuklarynyň bozulmagy ýaly sosial durnuksyzlyga getirýän meseleleri çözmekdir; deňziň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde ejir çeken adamlaryň hukuklaryny goramak üçin öň bar bolan gurallary ulanmakdyr we täze gorag gurallaryny döretmekdir.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG-niň Baş sekretary şäherleriň durnukly ösüşine ýardam bermäge çagyryş etdi
Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady