
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, musulmanlaryň Oraza baýramyny gutlady
Ýüzlenmesinde Oraza baýramyny mähirli gutlan Guterriş, “Oraza baýramy düşümli bolsun” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem, musulmanlaryň Oraza baýramyny gutlaýandygyny nygtady.
Gutlag ýüzlenmesinde “Aýalym Žill we men sizi mübärek Oraza baýramy bilen gutlaýaryn. Ýurtdaky we dünýädäki ähli musulmanlara rowaçlyk arzuw edýärin” diýen Baýden, musulmanlaryň pitre ybadaty arkaly zerurlyk çekýänlere azyk we sadaka berip, edýän arkalaşygynyň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan etdi.
Baýden Oraza baýramçylygynda dünýäniň çar tarapyndaky çaknyşyklara, ýoksullyga, açlyğa we hassalyklara garşy göreşýän, öýlerinden jyda düşen musulman halklaryň hem ýatlanýandygyny, haýyr-yhsana we düşünjelilige esaslanýan mübärek aýyň şol üçin hem düşümli bolmagyny diledi.
Amerikan hökümetiniň yslamafobiýa bilen bilelikde ähli ýigrenç jenaýatlaryna garşy göreşmekde ygrarlydygyny aýdan Baýden, ýurduň çar tarapynda köp sanly ugurda Amerika goşant goşýan musulmanlary buýsandyrmak üçin Ak Tamda Oraza baýramçylygyny belläp geçmegiň özüni buýsandyrýandygyny beýan etdi.